Aşgabatda türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler

Ykdysadyýet

2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler. Bu barada ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport meseleleri boýunça wise- premýer Baýramgül Orazdurdyýewa Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde maglumat berdi.

Forumyň gün tertibine ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige işjeň ornaşdyrmak, halkara ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen bagly meseleler giriziler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Çärä gatnaşyjylar nano we himiýa tehnologiýalar, biotehnologiýalar, oba hojalygy, ekologiýa, genetika hem-de maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, täze materiallary öwrenmek we energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk, derman serişdelerini öndürmek ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow forumy geçirmek hakynda Karara gol çekip, halkara hyzmatdaşlar, şol sanda Hytaý döwleti bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtady.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy.