Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody (SNGIZ) geçen ýylyň dowamynda 600 müň tonna golaý nebiti gaýtadan işledi.
SNGIZ-iň önümçiligi 2019-njy ýylda 116.8 göterim ösüş gazanylyp, 2018-nji ýylyň görkeziji bilen deňeşdirilende önümçilik 101.1 göterim artdy.
Şeýle hem SNGIZ-de benziniň 222 müň tonnasy, ýol bitumynyň 33.5 müň tonnasy taýýarlanyldy.
2017-nji ýylyň maýynda SNGIZ-de ABŞ-niň we BAE-niň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gurlan katalitik riforming desgasy işe girizildi.
Kärhanada göni işlenen benzini gaýtadan işlemegiň hasabyna onuň düzümindäki azyk önümçiliginde peýdalanylýan ýeňil benzin we suwuklandyrylan gaz ýaly harytlyk önümler hem öndürilýär. Bu taslama ABŞ-niň “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasy tarapyndan türkmen hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda ýerine ýetirildi.
Zawodyň düzüminde ýyllyk 37.2 müň tonna ýol bitumyny öndürmäge ukyply desga 2015-nji ýylda guruldy.