Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabide BAE-niň Prezidenti bilen duşuşdy

Ykdysadyýet

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Abu-Dabi şäherine iş sapary bilen baryp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

BAE-niň Prezidentiniň köşgünde geçirilen duşuşykda liderler ýetip gelen Täze ýyl bilen birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň salamyny we gülläp ösüş barada aýdan iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny ugratdy.

Liderler Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar, şeýle-de gaýtadan dikeldilýän energiýany, azyk howpsuzlygyny, infrastrukturanyň ösdürilmegini we beýleki möhüm pudaklary öz içine alýan ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy barada pikir alyşdylar. Bu mowzuklar durnukly ösüşe we öňegidişlige mundan beýläk hem itergi bermek babatda iki ýurt üçin hem möhüm ugurlaryň hataryna girýär diýip, BAE-niň metbugaty ýazýar.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň aýratynlygyna we ösüşine ýokary baha berip, özara bähbitli bu gatnaşyklary has hem ýokarlandyrmak üçin dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarly bolup galýandyklaryny tassykladylar.

BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly goşandyny aýratyn belläp geçdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.