Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri karbamid toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ykdysadyýet

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda iri senagat desgasynyň — “Garabogazkarbamid” zawodynyň açylyş dabarasy boldy, bu desga ýurdumyzyň himiýa senagatynyň önümçilik düzümleriniň üstüni ýetirdi.

Bu dabaraly çärä milli Liderimiz, daşary döwletleriň diplomatik missiýalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkmen hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary berkitmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz “Garabogazkarbamid” zawodynyň baş girelgesine gelip, bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesdi we mejlisler zalyna baryp, dabara gatnaşyjylaryň öňünde Gutlag sözleri bilen çykyş etdi.

Sebitde iň iri bu maýa goýum taslamasy daşary ýurt hyzmatdaşlary — “Mitsubishi Corporasion” (Ýaponiýa) we “Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş” (Türkiýe) kompaniýalary tarapyndan amala aşyryldy.

Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň işläp taýýarlan tehnologiýalary her gije-gündizde 2 müň tonna, ýylda 660 müň tonna ammiagy öndürmäge mümkinçilik berýär, ol garyşdyrylan gaty azot önümi bolup, karbamid önümçiliginde esasy çig mal hökmünde peýdalanylýar. Bu ýerde bir gije-gündizde 3 müň 500 tonna, ýylda bolsa, 1 million 155 müň tonna karbamid döküni öndüriler, olary deňiz ýollary bilen eksport etmek göz öňünde tutulýar. Bu maksatlar bilen Garabogaz şäherinde ýerli deňiz portunyň durky doly täzelenildi, ol karbamidi daşary ýurtlara ibermekde möhüm deňiz menzilidir. Bu senagat desgasynyň doly kuwwatyna çykarylmagy bilen ýurdumyzda karbamid önümçiliginiň möçberleri 2 million tonnadan gowrak möçbere ýetiriler.

Garabogazköl türkmen aýlagy senagat möçberlerinde natriý sulfatynyň we beýleki gymmatly minerallaryň tebigy şertlerde emele gelmeginiň Ýer ýüzünde seýrek gabat gelýän künjekleriniň biridir. Aýlagyň kenarynda karbamid zawodynyň gurulmagy sulfat senagaty üçin ygtybarly çig mal binýady bolup hyzmat eder, bu aýlagyň “altyn düýbi” bar diýip hasap edilýär. Bu taslama ýurdumyzyň mineral senagatynyň köp pudakly görnüşiniň kemala gelmeginde nobatdaky ädimdir.

Oba hojalyk pudagynyň ýokary netijeli mineral dökünleri bilen üpjün edilmegi maldarçylygyň we guşçulyk pudagynyň ot-iým binýadyny döretmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.

“Garabogazkarbamid” zawodynda öndürilýän önümleriň aglaba bölegini daşary ýurt sarp edijilerine ugratmak meýilleşdirilýär, daşary ýurtly hyzmatdaşlar eýýäm häzirki wagtda himiýa pudagynyň bu önümini satyn almaga uly gyzyklanma bildirýärler.