Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň hökümetiniň baştutanyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça resmi adamlar garşyladylar.
Myhmansöýerligiň ajaýyp däbine görä, milli lybasly ýigit we gyz belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürleýärler hem-de gül desselerini gowşurýarlar. Bu ýere ýygnanan köpsanly çagalar ýapon wekiliýetiniň baştutanyny türkmen we ýapon baýdaklary bilen mähirli mübärekleýärler.
Belent mertebeli myhman motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda “Oguzkent” myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasyna tarap ugraýar.
Türkmenistan we Ýaponiýa özara hormat goýmak we birek-birege ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan netijeli döwletara gatnaşyklaryny giňeltmek we çuňlaşdyrmak babatda Aşgabat duşuşygyna uly umyt bildirýärler.
Täze taryhy şertlerde taraplaryň ikisi hem däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny görkezip, özara gatnaşyklary düýbünden täze esasda guraýar. Şol gatnaşyklar bolsa ykdysady bähbitleriň we döwlet ösüşiniň milli ileri tutulýan ugurlarynyň deňagramlylygyna esaslanýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji oktýabrda bolan mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň hökümet Baştutanynyň boljak saparynyň wajypdygyny aýratyn belläp, Aziýa –Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.
Ozal geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň çäklerinde Ýaponiýa öz tarapyndan uzakmöhletleýin strategiki hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary işjeň ösdürmäge meýillidigini ençeme gezek tassyklady. Ýurdumyzyň giň halkara hyzmatdaşlygyna hem-de parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk ýörelgelerine we “açyk gapylar” syýasatyna esaslanan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmäge ygrarlydygy bilen baglylykda, Türkmenistana bolan gyzyklanma ýylsaýyn artýar.