Hormatly Prezidentimiziň Hazar strategiýasynyň ähmiýeti BMG-niň resminamalarynda beýanyny tapýar

Ykdysadyýet

2019-njy ýylyň 11 — 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça başlyklygyň Beýannamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi hem-de bu bütindünýä guramasynyň resmi dillerinde neşir edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlarynyň möhümdiginiň ykrar edilýändiginiň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň Milletler Bileleşiginde abraýynyň barha belende göterilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Şeýlelikde, birinji HYF-nyň jemleýji resminamasynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň oňa girizilen konseptual teklipleriniň taryhy ähmiýeti nygtaldy, bu resminamada Ýer ýüzünde parahatçylygy gorap saklamak, daşky gurşawy goramak, ykdysady, energetika we azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, ählumumy wehimlere garşy netijeli göreş babatynda häzirki zaman ählumumy wezipeleri çözmek nukdaýnazaryndan Hazar meselelerine uly orun berilýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça guralan birinji Hazar ykdysady forumy köp sanly döwletler üçin wagty ýeten hem-de möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda giň gerimli we wekilçilikli çärä öwrüldi, bu meseleleriň oňyn çözgüdi sebitiň barha artýan geosyýasy hem-de geoykdysady mümkinçiliklerini nazara almak bilen, onuň geljegine hemmetaraplaýyn oýlanyşykly we ylalaşykly çemeleşmeleri, garaýyşlaryň hem-de pikirleriň gabat gelşiniň synagdan geçirilmegini talap edýär. Türkmenistan Hazarýaka döwletler bilen hem, beýleki sebitleriň ýurtlary bilen hem anyk we strategik ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga taýýardygyny ýene-de bir gezek görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biz Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky teklibi öňe sürmek bilen, şu ýagdaýlaryň ählisini toplumlaýyn nazara almak, döwletleriň, halkara guramalaryň, işewürler düzümleriniň, ylmy merkezleriň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygyň giň, hemişelik hereket edýän binýadyny döretmek arkaly bilelikdäki iş üçin şertleri döretmek mümkinçiliklerinden ugur aldyk.

HYF — 2019-a Hazar «bäşligi» döwletleri bilen goňşy döwletleriň hem-de çäk babatda uzakda ýerleşýän, emma şu sebitde ykdysady bähbitleri bolan 60-a golaý ýurduň wekilleri gatnaşdy.

Hazar ykdysady forumynyň dowamynda halkara resminamalaryň 57-sine gol çekildi, olar maglumat tehnologiýalary, maýa goýum hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady hem-de maliýe ulgamy, diplomatiýa, ulag, elektroenergetika, ýeňil senagat, oba we suw hojalygy, sport ýaly ugurlara degişlidir.

Forumyň jemleri, onuň işiniň dowamynda gazanylan we jemleýji resminamada beýan edilen ylalaşyklar gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, ony anyk durmuşa geçirmekde höweslendiriji şert bolup durýar.

Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça başlyklygyň Beýannamasynyň ykrar edilmegi hem-de onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasyna gatnaşyjylaryň arasynda ýaýradylmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň täzeçil strategiýasynyň täze eýýamyň syýasaty hökmünde Milletler Bileleşiginiň goldawyna eýe bolýandygynyň, amala aşyrylmagy üçin kuwwatly itergi alýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.