Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Katara bardy

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýekşenbe güni döwlet sapary bilen Katara bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Döwlet Baştutanymyz Kataryň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen bolan söhbetdeşlikde taraplaryň hoşniýetli erkine we köpýyllyk gatnaşyklary ösüşiň täze derejesine çykarmaga bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryna esaslanýan türkmen-katar gatnaşyklarynyň netijeli we işjeň häsiýete eýedigini belledi.

Diplomat Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň şowly bolmagyny arzuw edip, Doha şäherinde geçiriljek gepleşikleriň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka öwrüljekdigine ynam bildirdi we Katarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

“Hamad” Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Kataryň resmi adamlary garşyladylar.

Habarda bellenilişi ýaly, Döwlet Baştutanymyzyň döwlet saparynyň çäklerinde Doha şäherinde ýokary derejedäki türkmen-katar gepleşikleri geçiriler. Olaryň dowamynda häzirki ýagdaýlar we bar bolan mümkinçilikler nazara alnyp, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary kesgitlener.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň döwlet saparynyň dowamynda Doha şäherinde Türkmenistanyň Katardaky ilçihanasynyň açylmagy meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz 2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda bu ugurda degişli Permana gol çekdi.

Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň noýabrynda ýola goýuldy.