Serdar Berdimuhamedow şenbe güni paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde kasam kabul etdi.Türkmeniň resmi metbugatynyň habaryna görä, täze saýlanan türkmen prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy Ruhyýet köşgünde geçirildi.
11-nji fewralda geçirilen Halk Maslahaty ýygnagynda eden çykyşynda 2007-nji ýyldan bäri Türkmeniň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, ýaş liderlere ýol açmak we ýurduň ösüşiniň täze tapgyrynda döwlet işlerine ynanmak kararyna gelendigini aýtdy.Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň iki palataly Milli Gengeshiň Halk Maslahaty palatasynyň başlygy wezipesini dowam etdirmekçidigini bellap geçmegimiz gerek.
12-nji martda Türkmenistanda irki prezident saýlawlary geçirildi. Serdar Berdimuhamedow sesleriň 72,97% -ini alyp, ýeňiş gazandy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň prezidenti ýedi ýyl möhlete saýlanýar we kasam kabul eden pursatyndan başlap işe girişýär.