“Total” Ýaponiýada üçünji gün energiýasy zawodyny gurýar

Ykdysadyýet

Fransuz “Total” kompaniýasynyň gün energiýasy bilen meşgullanýan bölümi “Total Solar International” sişenbe güni Ýaponiýada üçünji gün energiýasyndan tok öndürýän zawodyň gurluşygyna başlajakdygyny mälim etdi. Kompaniýanyň metbugat beýanatyna görä, “Miyagi Osata Solar Park” atly bu taslama 2021-nji ýylda işe girizilmek arkaly 52 megewatt elektrik energiýasyny öndürer.

“Kompaniýamyzyň Ýaponiýadaky üçünji we iň uly gün energiýasy zawody bolan ‘Miyagi Osata Solar Park’ ýurtdaky önümçilik kuwwatymyzy 100 megewatdan geçirer” diýip, “Total”-yň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça wise-prezidenti Žulýen Puže aýtdy.

Ýaponiýanyň seýsmiki ýagdaýy göz öňünde tutulyp bina ediljek täze zawodda “SunPower” we “Maxeon” kysymly gün panelleriniň 116 müň töweregi ýerleşdiriler. Zawody dolandyrjak ýörite bilelikdäki kompaniýa döredilip, onuň paýnamalarynyň 90% “Total Solar International”-a 10% bolsa “Softbank”-yň ýapon şahamçasy “SB Energy” kompaniýasyna degişli bolar.

Häzirki wagtda “Total” kompaniýasynyň Ýaponiýada iki sany gün energiýasy zawody hereket edýär.

Kompaniýa 2040-njy ýyla çenli satyşlarynyň 15-20%-ni ekologiýa zyýan bermeýän energiýa serişdelerine öwürmegi meýilleşdirýär.