Türkmenistan bilen Azerbaýjan ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişdi

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çarşenbe güni Azerbaýjana amala aşyran resmi saparynyň dowamynda geçirilen giňişleýin düzümdäki gepleşiklerden soň birnäçe resminamalaryň gol çekişlik dabarasy geçirildi.

Ilki bilen Türkmenistanyň Prezidenti hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Onuň yzýany pudak edaralarynyň arasynda gol çekişlik boldy.

Hökümet derejesinde şu aşakdaky edaralar ylalaşyga gol çekildi:

  • Migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşyk;
  • Iki ýurduň ilçihanalary üçin ýer bölüp bermek boýunça Ylalaşyk;
  • Türkmenistan we Azerbaýjan hökümetleriniň arasynda 2008-nji ýylyň 19-njy maýynda gazanylan Ylalaşyga üýtgeşmeler we goşmaçalar girizmek boýunça Teswirnama.

Ulag-kommunikasiýa ulgamy boýunça aşakdaky resminamalara gol çekildi:

  • Türkmenistanyň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen Azerbaýjanyň Transport, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministrliginiň arasynda maglumat-kommunikasiýa ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça Ähtnama;
  • “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen “Azertelecom” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda Hazar deňziniň astyndan Türkmenistan-Azerbaýjan ugry boýunça optiki-süýümli ulgamynyň gurluşygy, eýeçiligi we ulanylyşy boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;
  • “Türkmenhowaýollary” agentligi bilen Azerbaýjanyň Transport, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministrliginiň ýanyndaky Raýat awiasiýasy döwlet agentliginiň arasyndaky Teswirnama.

Hazar deňziniň biodürlüligini saklamak boýunça aşakdaky resminama gol çekildi:

  • Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Azerbaýjanyň Ekologiýa we tebigy baýlyklary ministrliginiň arasyndaky Teswirnama.

Ynsanperwer ugurlarynda aşakdakylar boýunça hyzmatdaşlyk saklamak boýunça ylalaşyldy:

  • Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we golýazmalar instituty bilen Azerbaýjanyň Ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky edebiýat institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga;
  • Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Azerbaýjanyň Telewideniýe we radiogepleşikleri ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga;
  • Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasy bilen Azerbaýjanyň arasynda kitaphanaçylyk işi boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Azerbaýjanyň Ulgam dolandyrylyşy institutynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;
  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Baku döwlet uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Teswirnama;

Ykdysady ugurlar boýunça gol çekilen resminamalar:

  • Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrliginiň arasynda dolandyryş we döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrliginiň arasynda gozgalmaýan emläk hukuklaryny döwlet belligine almak pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministrliginiň arasynda ýer kadastr pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Azerbaýjanyň kiçi we orta telekeçiligini ösdürmek agentliginiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Azerbaýjanyň Eksport we maýa goýumlaryny ösdürmek gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama;