Aşgabatda Ysraýylyň ilçihanasy açyldy

Ykdysadyýet

Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koen we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Aşgabatda Ysraýylyň ilçihanasyny açdylar. Bu barada Ysraýylyň Daşary işler ministri özüniň “Twitter” sahypasynda habar berdi.

Ilçihananyň açylyş dabarasyna Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem şol gün Eli Koen we Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar howpsuzlyk, energetika, tehnologiýa we oba hojalygy ýaly ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koeni kabul etdi.