Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda komitetiň altynjy mejlisiniň gün tertibi boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy we şu gezekki mejlisiň netijeleriniň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigine ynam bildirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary döwlet, Hökümet we ministrlikler derejesinde netijeli ösdürilýändigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmekde ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň uly ähmiýeti barada aýtmak bilen, şu ýyl Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran saparlarynyň dowamynda HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň MK-nyň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň gyzyklanýan kompaniýalary bilen işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak, önümçilik hyzmatdaşlygyny giňeltmek we çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.