Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy daşary ýurt guramalarynyň sertifikatlary bilen sylaglandy

Ykdysadyýet

Türkmenistan senagatda, şol sanda nebitgaz, elektrik energetikasy we himiýa pudaklarynda döwrebap, ekologiýa taýdan howpsuz we serişde tygşytlaýan döwrebap tehnologiýalary ulanmaga uly üns berýär. Bu barada Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarýaka zolagynda Gyýanlyda gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasynda belledi.

Dabaranyň dowamynda täze önümçilik toplumynyň netijeliligini, innowasionlygyny we ekologiýa howpsuzlygynyň tassyklaýan şahadatnamalary gowşurmak çäresi geçirildi.

Täze toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer. Iň kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan bu kärhanada her ýyl 386 müň tonna ýokary hilli polietilen, 81 müň tonna hem polipropilen öndüriler.

Ýulius Kun adyndaky institutyň (Germaniýa) wekili, agronomçylyk we bagbançylyk ylymlarynyň doktory hanym Margit Olle Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynyň Ýulius Kun adyndaky institut tarapyndan ýokary tehnologiýaly innowasion kärhana diýlip ykrar edilendigini belläp, polimer zawodynyň ýolbaşçysyna güwänamany we degişli nyşany gowşurdy. Sagdyn daşky gurşaw gaznasynyň (“Environmental health trust” (ABŞ) uly geňeşçisi Robert Dýubua Morris desganyň daşky gurşaw üçin howpsuzlygyny tassyklaýan güwänamany we degişli nyşany gowşurdy. Paul Şerrer ylmy-barlag institutynyň Energetika departamentiniň (Şweýsariýa) ýolbaşçysy, professor, doktor Urs Weýdmann “Durnuklylyk we netijelilik” diýen güwänamany we degişli nyşany gowşurdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýokary hilli önümçiligi üpjün etmekde üstünlik gazanmagy, innowasion tehnologiýalary ulanmagy mynasybetli güwänamalaryň we sylaglaryň gowşurylmagy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, olary ýurdumyzyň ýokary halkara üstünlikleriniň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi.

Milli Lideriň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli senagat maksatnamasy daşky gurşawy goramak bilen berk baglydyr. Zyýanly gazlaryň ýaýramagyny azaltmak boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryny giňden goldamak bilen, Türkmenistan senagatda, şol sanda nebitgaz, elektrik energetikasy we himiýa pudaklarynda döwrebap, ekologiýa taýdan howpsuz we serişde tygşytlaýan döwrebap tehnologiýalary ulanmaga uly üns berýär.

Kärhanada polietileniň we polipropileniň önümçiligi häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda amala aşyrylar. Çig maly garyndylardan çuňlaşdyrylan esasda arassalamak bu tehnologiýanyň tapawutly aýratynlygydyr. Netijede kärhana ekologiýa taýdan arassa, halkara standartlaryna laýyk gelýän önümleri öndürer.