Türkmenistan Ýewropany tebigy gaz bilen üpjün edip biljekdigini aýdýar

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Ýewropa bazaryny tebigy gaz bilen üpjün etmäge mümkinçiligi bardyr diýip, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Atamyrat Çaryýew Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde anna güni geçirilen “Günorta Gaz geçelgesiniň” konsultatiw geňeşiniň 8-nji ministrler maslahatynyň dowamynda aýtdy.

Günorta gaz geçelgesiniň konsultatiw geňeşiniň çäklerinde geçirilen 8-nji maslahatynyň dowamynda plenar mejlisi geçirildi. Plenar mejlisiň esasy mowzuklary şulardan ybarat boldy:

  • Günorta geçelge boýunça üstünlikler we geljek – Günorta gaz geçelgesini täze energetika bazarlaryna, şol sanda Günorta Balkanlara çenli giňeltmek,
  • Energetika geçişine, ýagny uglerodyň bitaraplygy ýolundaky – gazylyp alynýan ýangyçlaryň we metanyň zyňyndylaryny azaltmak çäreleri: Ýollar, kynçylyklar we tertipler.

Maslahatyň dowamynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Çaryýew Türkmenistanyň günbatar Ýewropa bazarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin ýeterlik derejede tehniki mümkinçilikleriniň hem-de gaz gorlarynyň bardygyny aýtdy. Bu barada Azerbaýjanyň AZERTAC agentligi habar berdi.

“Ýewropa ýurtlarynyň energiýa howpsuzlygyna bahasyna ýetip bolmajak goşant goşup biljek möhüm infrastruktura taslamalarynyň biri Transhazar gaz geçirijisidigine ynanýarys” diýip, Çaryýew nygtady.

Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministri Fatih Donmez “Günorta Gaz geçelgesiniň” durmuşa geçirilmegi we gazyň Ýewropa daşalmagynyň möhüm ädimdigini aýtdy.

“Geçelgeden daşaljak gazyň mukdaryny artdyrmak üçin bize goşmaça çeşmeler we goşmaça gorlara eýe bolan ýurtlar gerek. Şu nukdaýnazardan, sebitimiziň abadançylygy üçin Azerbaýjan we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyrys” diýip, Fatih Donmez öz çykyşynyň dowamynda aýtdy.

Maslahata Ýewropanyň energiýa boýunça komissary Kadri Simson, Ýewropanyň goňşuçylyk we giňelme boýunça komissary Oliwer Warhelýi, şeýle hem ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň, Italiýanyň, Gresiýanyň, Balgariýanyň, Albaniýanyň, Horwatiýanyň, Wengriýanyň, Çernogoriýanyň, Rumyniýanyň, Serbiýanyň, Demirgazyk Makedoniýanyň, Moldowanyň, Bosniýanyň we Gersegowinanyň hem-de Ukrainanyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan döwletleriniň arasynda gol çekilen üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy boýunça şertnama 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi. Resminama laýyklykda, ýylda 1,5-2 milliard kubmetre çenli türkmen gazynyň Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugradylmagy ylalaşylypdy.

Hazar deňzindäki “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek we ösdürmek boýunça Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň hökümetleriniň arasynda geçen ýylyň 21-nji ýanwarynda özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekildi. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, “Dostluk” ýatagynyň gorlary takmynan 60 million tonna nebitden we 100 milliard kubmetr tebigy gazdan ybaratdyr.

Halkara bazarlaryna eksport etmek üçin niýetlenen “Dostluk” ýatagyndan alnan uglewodorod serişdeleriniň ugradylmagy bäsdeşlik şertleri esasynda Azerbaýjanyň bar bolan ulag we üstaşyr ulgamlarynyň üsti bilen amala aşyrylar.