GDA-nyň täze Jarnamasynyň esasynda söwda çäklendirmeleri ýatyrylar

Ykdysadyýet

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň arasynda çig malyň getirilmegine hem-de taýýar önümleriň çykarylmagyna degişli bolan çäklendirmeler ýatyrlar.

Aşgabat şäherinde 11-nji oktýabrda geçirilen GDA-nyň mejlisinde döwlet Baştutanlarynyň gol çeken döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamasynda bu barada aýdylýar.

Milli öndürijileriň harytlarynyň döwletleriň bazarlaryna erkin çykarylmagyny üpjün etmek maksady bilen, Jarnamanyň çäklerinde özara söwdanyň şertlerini erkinleşdirmek we hereket edýän çäklendirmeleri ýatyrmak GDA gatnaşyjy ýurtlaryň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolar.

Jarnama GDA-nyň döwletleriniň öňünde şu wezipeleri goýýar:

  • Maýa goýum taslamalaryny we ykdysady maksatnamalaryny başlamak arkaly Arkalaşygyň we GDA gatnaşyjy döwletleriň dünýä hojalyk işlerine täsirini giňeltmek;
  • BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini gazanmak üçin netijeli gurluşlary döretmek; strategik ykdysady hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri emele getirmek;
  • GDA gatnaşyjy döwletleriň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak;
  • Dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak;
  • GDA gatnaşyjy döwletleriň geografik we amatlyklar (infrastruktura) mümkinçiliklerini, tehniki, tehnologik we üstaşyr geçirmek kuwwatlaryny birleşdirmek;
  • Arkalaşygyň giňişliginde maliýe durnuklylygyny üpjün etmek we pugtalandyrmak;
  • Korrupsiýa, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine hem-de beýleki howplara we wehimlere garşy hereket etmek;
  • Globallaşmagyň ýüze çykarýan meselelerini bilelikde çözmekde netijeliligi gazanmak;
  • Ähli derejelerde netijeli gepleşik meýdançasyny üpjün etmek.

Bu wezipeleri çözmek üçin GDA gatnaşyjy döwletleriň işiniň ileri tutulýan ugurlary şular bolup durýar:

  • Özara söwdanyň şertlerini erkinleşdirmek we ony mundan beýläk hem ösdürmek, hereket edýän çäklendirmeleri ýatyrmak we olary erkin söwda düzgüninden aýyrmak, şol sanda çig malyň getirilmegine hem-de taýýar önümleriň çykarylmagyna degişli çäklendirmeleri ýatyrmak;
  • Kärhanalaryň we tehnologiýa taýdan özara baglanyşykly önümçilikleriň arasynda bileleşik önümçilik aragatnaşyklary ösdürmek;
  • Oba hojalyk önümçiligi, ýeňil senagat, gurluşyk materiallaryny öndürmek, zergärçilik senagaty ýaly ulgamlarda we beýleki pudaklarda bileleşik taslamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek;
  • Bilelikdäki iri maýa goýum taslamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek;
  • Energiýa üpjünçiligiň durnukly ulgamlaryny döretmek;
  • BMG-niň çäklerinde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň gurluşlaryny işläp taýýarlamaga gatnaşmak;
  • Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak;
  • Uglewodorodlary gazyp almak, daşamak we üstaşyr geçirmek babatynda hyzmatdaşlyk etmek;
  • Ulag ulgamynda özara hereket etmegi ösdürmek;
  • GDA gatnaşyjy döwletleriň sebitleýin ykdysady komissiýalary bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek;
  • Arkalaşygyň ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek;
  • Nyrh syýasatynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we milli derejede fiskal-dolandyryş päsgelçilikleriniň täsirini aradan aýyrmak; daşamalar ulgamyny kämilleşdirmek;
  • Iri ulag-logistika merkezlerini döretmek;
  • Maliýe ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek;
  • Töleg-hasaplaşyk gatnaşyklary babatynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek;
  • Bilelikde bäsleşige ukyply önümleri, şol sanda üçünji ýurtlaryň bazarlarynda döretmek üçin esas hökmünde ylmy-tehniki we innowasion hyzmatdaşlygy giňeltmek;
  • Sanly tehnologiýalary, şol sanda emeli intellekti ösdürmek we bilelikde peýdalanmak;
  • Bilim, ylym, saglygy goraýyş, zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak, medeniýet, maglumat, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmek;
  • Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça özara hereket etmek;
  • Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek meseleleri boýunça özara hereket etmek; tebigy we tehnogen betbagtçylyklaryň öňüni almak we olara garşy hereket etmek boýunça bilelikde alnyp barylýan işi işjeňleşdirmek;
  • BMG we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak;
  • GDA gatnaşyjy döwletleriň köptaraplaýyn özara hereketini pugtalandyrmak.