Wenada türkmen syýahatçylyk kompaniýalary ýewropaly hünärmenler bilen gepleşik geçirdiler

Ykdysadyýet

Awstriyanyň Wena şäherinde penşenbe güni öz işine başlan “Ferien-Messe Wien” sergisine türkmen syýahatçylyk kompaniýalary hem gatnaşýar.

“Ferien-Messe Wien” Awstriýanyň iň iri we öňdebaryjy syýahatçylyk sergisi bolup, her ýylyň ýanwar aýynda paýtagt Wenada geçirilýär we sergide halkara syýahatçylyk pudagynyň häzirkizaman gazananlary köpçülige ýetirilyär.

Türkmenistanyň sergide görkezen bannerleri Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugurlary, UNESCO-nyň maddy däl mirasynyň sanawyna girýän taryhy ýadygärlikleri, türkmen halkynyň medeniýeti we däp-dessurlary baradaky maglumatlardan ybarat boldy. Şeýle-de myhmanlara ýurduň häzirki döwürde ýeten sepgitleri we umumy syýahatçylyk pudagynyň ösüşi barada wideo-roliklar görkezildi.

Türkmen wekiliýetiniň Awstriýa iş saparynyň dowamynda sergide öz ýerlerini alan Awstriýanyň, Slowakiýanyň, Çehiýanyň, Polşanyň we başga-da birnäçe döwletleriň syýahatçylyk kompaniýalary bilen duşuşyklary geçirildi.

Gepleşikleriň netijesinde “Klaus und die Welt Reisebüro”, “Off Roadowa” yaly syýahatçylyk kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklara gol çekildi. Çehiýanyň syýahatçylyk pudagy bilen türkmen hünärmenlerine hünäri kämilleşdirmek boýunça okuwlary guramak boýunça ylalaşyga gelindi.

Sergä dünýäniň 80 döwletinden gelen syýahatçylyk kompaniýalarynyň 800-e golaý wekili gatnaşýar. Halkara sergi öz işini ýekşenbe gününe çenli dowam eder.