Ministrler Kabinetiniň 1-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy sanlaşdyrma ulgamyna esaslanan ösüşiň täze derejesine çykarmak üçin, ilkinji nobatda, bu işe gatnaşjak ýaşlary okatmagyň we taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylym-bilim we tehnologiýa ulgamlarynda özgertmeleri çaltlandyrmak zerurdyr. Ýokary okuw mekdepleri we ylmy-barlag edaralary bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek üçin telekeçileri işjeň çekmek wajypdyr. Täze institutlar, mekdepler, mekdebe çenli edaralar üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak güýçlendirilmelidir. Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň, şol sanda daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde gowy bilim almagyny gazanmak biziň maksadymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Ozal habar berlişi ýaly, milli Liderimiziň 19-njy fewralda gol çeken Buýruklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň wekillerine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Buharestiň raýat gurluşygy tehniki uniwersitetiniň arasynda hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Buharestiň ykdysady bilimler uniwersitetiniň arasynda bilim hem-de ylmy-barlag hyzmatdaşlygy boýunça Özara düşünişmek hakynda ähtnamalary ýerine ýetirmek boýunça 2019 — 2023-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamalaryna Türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.
Şonuň yzysüre — 20-nji fewralda Türkmenistanda işjeň ösýän sanly ykdysadyýet üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny berkitmäge goşant goşjak bäsdeşlige ukyply ýaş nesli kemala getirmek babatda möhüm wezipeleri çözmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resminamalara gol çekdi, olara laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary Koreýa Respublikasyndan, Ýaponiýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Rumyniýadan we Awstriýa Respublikasyndan bolan kärdeşleri bilen tejribe alyşmak üçin daşary ýurtlara iş saparlaryna ugradylar.
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Buýruklaryna laýyklykda, iş saparlary anyk maksatlara hem-de wezipelere eýedir. Olar ýurdumyzyň elektron senagatyny döretmegi we ösdürmegi, sanly ykdysadyýete, sanly tehnologiýalara geçen ýurtlaryň tejribäni öwrenmegi, gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmekde halkara tejribesini öwrenmegi, gazna biržasynyň işini ýola goýmaga, halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak tejribesi bilen tanyşmagy maksat edinýär.
Bilim ulgamynyň hünärmenleri oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde dünýä tejribesini öwrenmek üçin iş saparlaryna ugradylar. Mundan başga-da, ýurdumyzda dizaýnerçilik sungatyny ösdürmek, binagärlik gurşawynyň dizaýnyny kämilleşdirmek hem-de jemagat hojalygynyň inžener üpjünçilik ulgamlaryny ulanmagyň dünýä tejribesini öwrenmek, ussat türgenleri we tälimçileri taýýarlamak maksady bilen iş saparlary guralýar.
Geljekde milli ykdysadyýetimiziň hereketlendiriji güýji boljak ýaşlaryň ylmy we döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmak işinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň häsiýetli alamatyna öwrüldi.