Türkmenistan Pekin ugry boýunça howa gatnawyny wagtlaýyn saklaýar

Jemgyýet

Türkmenistan Pekin ugry boýunça howa gatnawlaryny koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin fewral aýyndan başlap wagtlaýyn saklaýar. Şol bir wagtyň özünde Taýlandyň paýtagty Bankok ugry boýunça hem ýolagçy gatnatmak wagtlaýyn togtadylýar.

“Türkmenistan awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýörite gatnaw arkaly Hytaýdaky türkmen raýatlaryny ýurda getirmegi hem meýilleşdirýär.

Şeýle hem “Türkmenistan awiakompaniýasy” Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur ugry boýunça fewral aýynda ýola goýmagy meýilleşdiren gatnawlaryny mart aýyna süýşürdi.

“Türkmenistan awiakompaniýasy” bu çäreleri ýolagçylaryň we ekipaž agzalarynyň howpsuzlygy üçin ýola goýandygyny habar berip, saklanýan iki ugur boýunça gatnawlaryň dikeldilmegi hakynda goşmaça maglumat beriljekdigini mälim edýär.

Koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni alyş çäresi hökmünde, dünýäniň ençeme howa ýollary kompaniýalary Hytaý ugry boýunça gatnawlaryny wagtlaýyn togtatdylar.