“Google” Hindistanda sanlaşdyrmagy goldamak üçin $10 milliard maýa goýar

Tehnologiýa

“Google” kompaniýasy Hindistanda sanly hyzmatlaryň kabul edilmegini çaltlandyrmaga ýardam bermek maksady bilen indiki bäş-ýedi ýylyň dowamynda 10 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýär diýip, “Reuters” duşenbe güni habar berýär.

“Google” we “Alphabet”-iň baş direktory Sundar Pichai kompaniýanyň ýurda maýa goýmak maksatly döreden Hindistanyň Sanlaşdyrmak gaznasynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi.

“Biz muny paýnama maýa goýumlarynyň, hyzmatdaşlygyň we amaly, infrastruktura we ekosistema maýa goýumlarynyň utgaşdyrmagy arkaly amala aşyrarys” diýip, Piçaý kompaniýanyň Hindistana bagyşlanan wideo konferensiýa arkaly geçirilen ýyllyk çäresinde aýtdy. “Bu Hindistanyň geljegine we sanly ykdysadyýetine bolan ynamymyzyň beýanydyr”.

“Googel”-iň baş direktory 10 milliard dollarlyk täze maýa goýumyň “Google”-yň Hindistandaky iň uly maýa goýumydygyny aýtdy.

“Biz esasan-da internetiň iňlis we beýleki ýerli dillerden has giňelmegine üns berýäris. Bu biziň seredýän möhüm ugrumyzdyr” diýip, Pichai “Reuters”-a beren beýanatynda aýtdy.

Pichainiň aýtmagyna görä, “Google” häzirki wagtda 500 milliondan gowrak işjeň ulanyjysy bolan Hindistanda internetiň ösüşini güýçlendirmek we ýene 500 million adamyň internede girmegine kömek etmek isleýär.

Gaznanyň üsti bilen maýa goýumlaryndan başga-da, “Google” Hindistanda emeli intellekt we ylym ýaly ugurlara hem üns berjekdigini aýtdy.

Hindistanda doglan Pichai 2004-nji ýylda “Google” kompaniýasyna girdi we geçen ýyl kompaniýanyň esaslandyryjysynyň biri bolan Larri Peýjiň ýerine “Alphabet Inc”-iň baş müdiri boldy.