Türkmenistan we Ýaponiýa telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär

Tehnologiýa

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde we Aragatnaşyk ministrliginde “Sony Corporation” ýapon kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk boldy. Wekiliýete ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek maksadynda sapar bilen ýurdumyzda bolýan şol kompaniýanyň baş dolandyryjysy Hajime Nakamura ýolbaşçylyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, innowasion elektronika hem-de beýleki ýokary tehnologiýaly önümleri işläp taýýarlamakda öňdebaryjylaryň biri bolan bu iri transmilli kompaniýa bilen telewideniýe, kinematografiýa we sanly ulgamlarda netijeli köp ýyllyk hyzmatdaşlyk 2013-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa resmi saparynyň barşynda gyzyklanma bilan ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz bu korporasiýanyň Tokio şäherindäki edara binasyna baryp, ýurdumyzyň iň gowy dünýä tejribesini çekmäge hem-de dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. “Sony” korporasiýasy hem şolaryň hataryna girip, onuň innowasion, döwrebap önümleri hiliň we ygtybarlylygyň özboluşly kepili bolup durýar.
Şu gün geçirilen duşuşyklaryň barşynda wekiliýetiň baştutany Hajime Nakamura Türkmenistanda okgunly ösýän ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny we kuwwatynyň artýandygyny belläp, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýandygyny aýtdy. Şunda “Sony” korporasiýasynyň geljegi uly türkmen bazarynda ornuny has-da giňeltmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Bu ýerde daşary ýurtly işewür hyzmatdaşlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi.
Ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bilen şertlendirilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde, häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ençeme pudaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalar görnüşindäki maýalaryň çekilmegine uly ünsüň berilýändigi bellenildi. Bu babatda dünýäde esasy orny eýelän Ýaponiýanyň öňdebaryjy tejribesi Türkmenistanda giňden ulanylýar. Dürli ugurlarda ýapon hyzmatdaşlary bilen bilelikde amala aşyrylýan iri taslamalar munuň aýdyň mysalydyr.
Duşuşygyň barşynda korporasiýanyň täze tehnologiýa işleri bilen tanyşdyryldy, olary teleradio ýaýlymlarynda, iri sport ýaryşlaryny hem-de beýleki ähmiýetli iri möçberli çäreleri surata düşürmekde we ýaýlymlara bermekde, kinematografiýa hem-de sanly aragatnaşyk we howpsuzlyk ulgamlarynda peýdalanmak netijeli bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli habar beriş serişdeleriniň hem-de telekommunikasiýalar ulgamynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmak baradaky teklipler beýan edildi.