Türkiýe “Lapis Lazuli” üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy boýunça Ylalaşygy tassyklady

Ykdysadyýet

Türkiýe 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda gol çekilen “Lapis Lazuli” üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy boýunça Ylalaşygy tassyklady. Bu barada “Resmi Gazete” gazetiniň internet sahypasynda sişenbe güni habar berildi.

Degişli kanun neşir edilen gününden başlap güýje girdi.

“Lapis Lazuli” üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy boýunça Ylalaşyk Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda baglaşylypdy.

“Lapis Lazuli” taslamasyna laýyklykda, demir we gara ýollar Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundi şäherinden başlap, Türkiýäniň Stambul şäherinde tamamlanmaly. Taslamanyň umumy bahasy 2 milliard ABŞ dollaryna barabardyr.