Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi

Medeniýet

Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Bu çözgüt 9-14-nji dekabr aralygynda Kolumbiýanyň paýtagty Bogotada geçirilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň 14-nji mejlisinde kabul edildi.

Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halyçylaryny we halyşynaslaryny gutlap, “Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen nepis halylarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr” diýip belleýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda, Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, “Görogly” şadessany we “Küştdepdi” aýdym we tans dessury Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.