“С5+1” formatyndaky duşuşykda howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere garaldy

Jemgyýet

Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň “С5+1” formatyndaky mejlisi anna güni sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Onuň barşynda howanyň üýtgemeginiň we daşky gurşawyň goragynyň meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, mejlise ABŞ-nyň Döwlet sekretary, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar.

Wideomaslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow “С5+1” işine gatnaşýan taraplaryň ählisiniň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ekologiýa we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine işjeň çemeleşmelerini belläp geçdi.

Şeýle hem, howanyň üýtgemegi bilen bagly bolan tehnologiýalar boýunça Sebit merkeziniň döredilmeginiň zerurlygy nygtaldy. Ylmy-ekologiki klasterleriň esaslandyrylmagynyň mümkinçiliklerine seretmek hem teklip edildi.

Raşid Meredow mejlisiň dowamynda eden çykyşynda Aral deňzi bilen bagly meselesinde jikme-jik durup geçdi. Türkmenistanyň Merkezi Aziýada suw meseleleriniň sebitiň ähli ýurtlarynyň gyzyklanmalarynyň nazarda tutulmagynda we halkara guramalarynyň gatnaşmagynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda çözülmäge degişlidigi baradaky anyk nukdaýnazary beýan edildi.

Mundan başga-da, ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň habar berşi ýaly, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Jon Blinken hem öz gezeginde sebitdäki aýal-gyzlaryň işewürlik birleşiklerini pugtalandyrmaga gönükdirilen iki ýyllyk maksatnamany yglan etdi.

“C5+1” formaty Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar üçin köptaraplaýyn mehanizm hökmünde hereket edýär. Bu maksatnama ykdysady ösüş, sebitleýin hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meselelerini üns merkezinde saklaýar. Alty ýurduň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagyndaky ilkinji duşuşyk 2015-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirildi.