Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag ministrleri duşuşarlar

Jemgyýet

Türkmenistanda 2020-nji ýylyň mart aýynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde halkara maslahaty geçiriler.

Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, Senagat we kommunikasiýa ministrligine Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen bilelikde Birleşen Milletler Guramasynyň çäresini ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlamagy hem-de maslahat geçenden soň, onuň netijelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ulag diplomatiýasyny ösdürmäge we häzirki zaman ulag üstaşyr geçelgelerini kämilleşdirmek arkaly durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasaty iş ýüzünde durmuşa geçirmek we bu babatda halkara guramalar bilen geçirilýän çäreleri yzygiderli dowam etdirmek maksady bilen degişli Karara gol çekdi.

Şu ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen ýurtlar, ösüp gelýän ýurtlar we ösüp gelýän kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekili Fekitamoeloa Utoikamanu bilen duşuşdy.

Ýokary wekil 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen BMG-niň ulag boýunça Ilkinji Global maslahatynyň dowamynda orta atylan Aşgabat prosesiniň ösüşiniň esasy tapgyrlarynyň biri boljak, 2020-nji ýylda deňze çykalgasy bolmadyk we ösüp gelýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek baradaky teklibi goldady.