Serdar Berdimuhamedow Bişkekde kärdeşi Sadyr Žaparow bilen duşuşdy

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkek şäherine iş saparynyň barşynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysadyýet we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, gepleşikleriň esasy ugry Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda boldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Baştutanlary global we sebit syýasatynyň meseleleri boýunça özara pikir alyşdylar.