Tokioda Türkmen-Ýapon işewürler maslahaty geçirildi

Ykdysadyýet

2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň öňüsyrasynda türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçirildi. “Shinagawa Prince” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň önümleriniň sergisi gurnaldy.

Duşuşyga dürli senagat ulgamlarynda, ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýa ulgamlarynda işleýän Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň hünärmenleri we ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmen tarpyndan dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesinden we beýleki hususy düzümlerden 40-dan gowrak wekiller gatnaşdylar.

Ýaponiýanyň iň abraýly korporasiýalaryndan biri bolan “Itochu” korporasiýasynyň baştutanlygynyň wekili türkmen myhmanlaryny mähirli garşylamak bilen maslahaty açdy.

Öz gezeginde türkmen tarapy daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri, şol sanda, Ýaponiýa bilen syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine döwlet baştutanynyň aýratyn üns berýändigini belledi.

Maslahatyň dowamynda “Türkmenistanyň maýa goýum mükinçilikleri” atly tema boýunça tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan maýa goýum syýasaty we onuň başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmaga we türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokary derejeliligini gazanmaga gönükdirilendir.

Maslahatyň ahyrynda “Japan Dynamics Сo.” kompaniýasynyň esaslandyryjysy, Tokio tehnologiki institutynyň doktory, professor Hideomi Koinuma Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly işine bagyşlanan tema bounça çykyş etdi.