5-nji aprelda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew dag metallurgiýa önümçiligini özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň buýurmasy boýunça «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan ylmy-barlag işleriniň geçirilendigini, şonuň netijesinde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa şäherçesiniň çäginde ýerleşýän Çagyl ýatagynyň Gyzylgaýa — V meýdançasynda demir magdanlarynyň ýüze çykarylandygyny belledi.
Häzirki wagtda bu çig malda sement öndürmek üçin degişli goşundylaryň bardygy tassyklanyldy hem-de eýýäm sement öndürýän zawodlarda giňden ulanylyp başlanyldy.
Geologiýa-gözleg işleriniň barşynda demir magdanynyň 70 — 75 million tonna möçberindäki gorlary ýüze çykaryldy. Demir magdanynyň düzüminde demriň mukdary 20 göterime deňdir. Şunuň bilen baglylykda, Çagyl ýatagynda alnan demir magdanynyň tehnologik synag işlerini kärhanalarda geçirmek meýilleşdirilýär.