Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde anna güni Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygy geçirildi.
Sammite Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bir hatarda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew gatnaşdy.
“Kuksaroý” köşgüniň Kiçi mejlisler zalynda ilki ýokary derejedäki bäştaraplaýyn çäkli duşuşyk geçirildi. Soňra Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy köşgüň Uly mejlisler zalynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti bäştaraplaýyn Işewür geňeşini döretmegiň üstünde oýlanyşmagy teklip etdi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.
“Ýokary derejedäki Konsultatiw duşuşyk söwda, ykdysadyýet, maýa goýumlary, ulag we üstaşyr gatnawlar, oba hojalygy, senagat kooperasiýasy, daşky gurşawy goramak, energetika, suw serişdeleri, syýahatçylyk, ylym hem-de medeniýet babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly bolan ugurlaryna, görnüşlerine we usullaryna hemmetaraplaýyn seretmäge mümkinçilik berdi” diýlip, Beýannamada aýdylýar.
Şol gün döwlet Baştutanlary “Kuksaroý” döwlet kabulhanasynyň Hormatly myhmanlar seýilbagynda bilelikdäki agaç nahallaryny oturtmak dabarasyna gatnaşdylar.
Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanlary Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Islam Karimowyň ýadygärligine bardylar.