Aşgabada 70 sany “Toyota Сorolla” kysymly taksi ulagy getirildi

Jemgyýet

“Toyota Сorolla” kysymly ýeňil awtoulaglaryň 70-si “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky taksi duralgasynyň üstüni ýetirdi.

2019-njy ýylda öndürilen “Toyota Corollalar” “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan getirildi. Taksileriň ýolagçylara edýän hyzmatyny ýokarlandyrmak maksady bilen olarda onlaýn sargytlar üçin ýörite planşetler oturdylar.

Şeýle hem “Türkmenawtoulaglary” agentligine “KAMAZ 6520” ýük ulaglarynyň 200 sanysy gelip gowuşdy.

Tatarystan Respublikasynyň meşhur KAM awtozawodynda öndürilen ulaglar ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda gurluşygy alnyp barylýan iri desgalarda ulanylar. Hususan-da, ýük awtoulaglary agentligiň garamagyndaky edara-kärhanalara paýlanyldy, şolaryň 40-sy Aşgabatda, 50-si Ahal welaýatynda, 20-si Balkan welaýatynda, 25-si Daşoguz welaýatynda, 35-si Lebap welaýatynda hem-de 30-sy Mary welaýatynda degişli düzümler tarapyndan ulanylar.

Şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen Karara laýyklykda degişli pudak edaralaryna “KAMAZ FTC CORP. LLP” (Beýik Britaniýa) kompaniýasyndan 2 müň sany ulag we tehnika hem-de ätiýaç şaýlary satyn alnar.