Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa goşun generaly diýen harby ady dakyldy

Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa goşun generaly diýen harby ady dakyldy. Harby ady dakmak boýunça Karara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa penşenbe güni gol çekdi.

Mejlisiň Başlygynyň degişli Karary anna güni Türkmenistanyň resmi metbugaty tarapyndan çap edildi.

Her ýyl 27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmegi mynasybetli Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerini Watan goragçylarynyň güni bilen gutlady we olara berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, abadan, bagtyýar durmuş, mukaddes we jogapkärli gulluklarynda hem-de işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri 1992-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda döredildi.