FIFA Dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Türkmenistan Şri-Lankany 2-0 hasabynda ýeňdi

Sport

Penşenbe güni Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Dünýä çempionatynyň 2-nji saýlama tapgyry boýunça Şri-Lanka döwletiniň Kolombo şäherindäki «Reýskors» stadionynda ýerli ýygyndy topary bilen geçirilen duşuşykda 2-0 hasabynda ajaýyp ýeňiş gazandy. 

Duşuşygyň 8-nji minudynda hüjümçi Wahyt Orazsähedowyň pökgini derwezeden geçirmegi bilen Türkmenistan toparyny öňe saýlady. Duşuşygyň birinji ýarymy bu hasap bilen tamamlandy.

Şri-Lanka döwletiniň topary bar gaýraty bilen jan etseler hem Türkmenistan topary aşa ussatlyk görkezip ýerli oýunçylara pökgi geçirmäge hiç hili pursat bermän garşylyk görkezdiler.

Olar duşuşygy topar kapitany Arslanmyrat Amanowyň 54-nji minutda ikinji pökgini geçirmegi bilen 2-0 hasabynda tamamladylar.