Türkmen Türgenleriniň Başa-baş Söweşiň Garyşyk Görnüşinde Gazanan Ynamly Ýeňişleri

Sport

Şu ýylyň 28-nji maýyndan 6-njy iýun aralygynda Ukrainanyň Belgorod-Dnestrowskiý şäherinde başa-baş söweşiň garyşyk görnüşleri (Iňlisçede «Miхed martial arts», gysgaça MMA atlandyrylýan sport görnüşi) boýunça dünýä kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi.

Bäsleşige dünýäniň 15 ýurdundan türgenleriň 550-si gatnaşdy. Bu ýaryşda Türkmenistana türgenleriň 3-si wekilçilik edip, her biri örän mynasyp çykyş etmegi başardy. Olar umumy hasapda 10 medaly — 8 altyn we 2 kümüş medaly gazandylar.

Içeri işler ministrliginiň işgäri, sport ussady Şöhrat Orazgeldiýew başa-baş söweşiň garyşyk görnüşleriniň MMA-«greppling» ugrundan altyn medala eýe boldy. Ol «MMA-ELITE» görnüşinde hemmelerden öňe saýlandy, «MMA-FULL» bäsleşiginde hem ýeňiş gazanmaga hiç kime mümkinçilik bermedi. Netijede, ol ýurdumyzyň türgenleriniň hasabyna altyn medallaryň 3-sini goşdy.

Aşgabat şäheriniň 47-nji orta mekdebiniň mugallymy, sport ussady Orazgeldi Orazgeldiýew hem 2 ýokary derejeli we 1 kümüş öwüşgünli medallary gazandy. Ol MMA-«greppling» we «MMA-FULL» bäsleşigi jemlenende münberiň birinji basgançagyna çykmagy başardy, MMA-«laýt» görnüşi boýunça bolsa bäsdeşinden biraz asgyn geldi.

Türkmenistanyň «Hanmudo» söweş sungaty federasiýasynyň tälimçisi, halkara sport ussady Şöhrat Allaýew 4 medaly eýelemegi başardy. Olaryň üçüsi iň ýokary derejelidir. Ol «full», «laýt» we «forms» görnüşleri boýunça hemmelerden üstün çykdy, «greppling» görnüşi boýunça bolsa ikinji orny eýeledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan sport syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň barşynda häzirki zamanda türkmen türgenleri iri ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanýarlar hem-de dünýä giňişliginde ýurdumyzyň sport abraýyny barha belende galdyrýarlar.