Türkmenistanyň telekeçilerine ABŞ-nyň esasy elektron söwda platformasy bolan “Amazon”-da harytlaryny satmaga mümkinçilik berildi. Kompaniýa internet platformasynda harytlaryny satyp biljek telekeçileriň degişli ýurtlarynyň sanawyna üýtgeşmeler girizdi.
Üýtgedilen sanawda Türkmenistandan başga-da Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri - Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan hem bar.
“Amazon”-yň web sahypasynda haryt satmak üçin telekeçiler görkezilen ýurtlaryň raýaty bolmaly, şeýle-de olaryň häzirki wagtda hereket edýän telefon belgileri we halkara töleg kartlary bolmaly.
Jeff Bezos tarapyndan 1994-nji ýylda esaslandyrylan “Amazon” kompaniýasy girdejisi we kapitaly boýunça dünýädäki iň uly elektron söwda platformasydyr. Şu ýylyň birinji çärýeginde onuň ýyllyk girdejisi 108,5 milliard ABŞ dollaryndan geçdi.