Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy

Ykdysadyýet

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni 3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýä amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp, Türkiýä gelip görmäge we 3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmaga çakylygy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Türkiýäniň Baştutanyny 70 ýaş ýubileýi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şanly ýubileý mynasybetli türk Liderine türkmen milli içmegini sowgat berdi.

Türkiýäniň Baştutany gutlaglar we bildirilen hormat üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, özüne Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen hormatly adyň dakylmagyna iki ýurduň we halkyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryň mizemezliginiň nyşany hökmünde garaýandygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Rejep Taýyp Ärdogan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşyk tamamlanandan soňra birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara, ýagny:

  • Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama; 
  • “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; 
  • “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.