Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Ýaponiýanyň täze bellenen Ilçisi bilen duşuşyk geçirdi

Ykdysadyýet

2020-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi.

Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyna özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda diplomatlar döwletara we pudagara derejesinde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň önjeýli häsiýetini belläp geçdiler. Türkmenistanyň Baştutanynyň Ýaponiýa bilen gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar babatynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlylygyny beýan edildi.