“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) paýdarlar jemgyýeti gara ýol we demir ýol arkaly ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak boýunça uly işleri alyp barýar.
TULM-da “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berilişi ýaly, kompaniýa tarapyndan “Lapis Lazuli” ugry boýunça Owganystanyň Akina şäherinden awtomobil ulagy arkaly Türkmenbaşy halkara deňiz portuna ilkinji gezek 40-futlyk 8 sany ýük konteýnerleri getirilip, häzirki wagtda olaryň üstaşyr resminama işleri amala aşyrylýar.
“Ýakyn günlerde Hazar deňziniň üsti bilen rejeli gatnaw gämisi arkaly bu ýük konteýnerleri Azerbaýjanyň Baku halkara deňiz-söwda portuna, Baku şäherinden demir ýol arkaly ýük otlusynda Türkiýä ugradylar” diýip, TULM-da bellediler.
“Lapis Lazuli” ugry bu Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasyndaky üstaşyr taslama bolup, ony döretmek hakynda ylalaşyga 2017-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk konferensiýasynyň (RECCAVII) çäginde gol çekildi.
Şu ýylyň sentýabr aýynda TULM-yň ýardam bermeginde Hytaýdan “Demirgazyk-Günorta” demir ýol geçelgesi boýunça Gazagystanyň çäginden Türkmenistana 40-futlyk kyrk sekiz sany konteýnerden ybarat bolan konteýner otlusy geldi.