Türkmenistanyň ykdysadyýeti sanly ulgama geçirilýär

Ykdysadyýet

Birinji ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp 3-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny ýurduň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Bu barada TDH sişenbe güni habar berdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda türkmen Lideriniň tassyklan 2025-nji ýyla çenli niýetlenen Konsepsiýa amala aşyrylýar. Bu resminama pudaklary tehnologiýa taýdan özgertmegiň hem-de döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurduň serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysadyýeti ösdürmegiň özboluşly “ýol kartasy” bolup durýar.

Ol birnäçe bölümi öz içine alyp, şolarda Konsepsiýanyň maksatlary hem-de wezipeleri, ony durmuşa geçirmegiň ugurlary we usullary, garaşylýan netijeler beýan edilýär.

Sanlylaşdyrmak ösüşiň durnukly oňyn depginini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, degişli şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy, daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azalmagyny üpjün etdi.

Degişli ugurda kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdirilýär. Bu babatda “Aragatnaşyk hakynda” (2019-njy ýylda rejelenen görnüşde), “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Maglumatlar we olary goramak hakynda”, “Kiberhowpsuzlyk hakynda”, “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary hem-de beýlekiler kabul edildi.

Şu ýylyň ýanwarynda döwlet Baştutanynyň Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döretmek hakynda Karara gol çekmegi möhüm ädimleriň biri boldy. Bu toparyň esasy wezipesi öňde goýlan wezipeleri iş ýüzünde çözmekden ybaratdyr we “Türkmenaragatnaşyk” agentligi degişli ygtyýarly edaradyr.

Şeýlelikde, diwersifikasiýa ýoly bilen ösüşi we senagatlaşdyrmagy, ýokary goşulan bahaly taýýar önümiň öndürilmegini ugur edinýän ýurduň ykdysadyýetiniň düzümi üýtgeýär. Hususylaşdyrmak işi dowam edýär. Ýokary tehnologiýaly, ylmy işleri talap edýän we innowasion pudaklary, hususan-da, elektron senagatyny ösdürmegiň binýady goýuldy.

Bu ugurda maliýe pudagyna uly orun degişlidir. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň arasynda pul görnüşindäki serişdeleriň çeýe, netijeli paýlanylmagyny üpjün etmek durmuş wezipelerini çözmäge, maýa goýum işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de durnukly ykdysady ösüşi saklamaga, ähli pudaklary öňdebaryjy tehnologiýalara geçirmäge ýardam eder.

Türkmenistanyň ösüşiniň geljegi daşarky şertleriň güýçlenmegi: dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmak, özara bähbitli söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ylmy-tehniki ösüş babatda özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň peýda bolmagy, adamzat üçin umumy meseleleriň ylalaşylan çözgütlerini işläp taýýarlamak bilen gös-göni baglydyr.

Häzir sanlylaşdyrmak her bir pudak üçin zerur bolup, umumy ösüşe kybap gelmegiň aýrylmaz şertidir. Tehniki we tehnologik döwrebaplaşdyrma, özgertmeleriň, hususan-da, ýurduň obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýetli ugrudyr.

Kitaphanalary sanly ulgama geçirmek hem jemgyýeti ösdürmegiň girewi bolup durýar. Wagtyň geçmegi hem-de ylmy tehnologiýanyň ösmegi bilen okamak işiniň özi hem düýpli özgerdi.

Sanlylaşdyrmak türkmen telekeçileri üçin hem uly mümkinçilikleri açýar. Bu ýerde sanly özgerişlik diňe döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, döwrebap enjamlaryň we programma üpjünçiligiň, maglumat serişdeleriniň netijeli ulanylmagyny däl-de, eýsem, dolandyrmaga çemeleşmelerde düýpli özgertmeleri göz öňünde tutýar, bu bolsa kärhanalary ösdürmegiň innowasion usullaryna tarap ýol açýar.

Sanlylaşdyrma işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin täze mümkinçilikler açýar. Şeýlelikde, öňdebaryjy tehnologiýalaryň bolmagy netijesinde, araçäkler işlere böwet bolup bilmeýär. Öňdebaryjy kompaniýalar eýýäm sanly özgertmeler strategiýalaryny durmuşa ornaşdyrýarlar.

Şu ýylyň fewral aýynyň başynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we welaýatlarda IT-merkezlerini döretmek üçin ABŞ-nyň 10 million dollarynyň goýberilýändigini habar berdi.

27-nji fewralda bolsa türkmen Lideri “Türkmenistanda elektron resminama dolanyşygy ulgamyny hem-de Internet web-saýtlaryny döretmek we ornaşdyrmak hakynda” Karara gol çekdi. Degişli ugurda işleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan halatynda degişli işleri amala aşyrmaga hukugy bolan ýurduň edara-kärhanalary we telekeçileri çekiler.

Häzir ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem ösüşiň hil taýdan täze tapgyrynda bolup, olaryň öňünde hem sanly ulgama geçmek boýunça anyk wezipeler durýar. Habarlar we tematiki materiallar saýtlaryň okyjylaryna diňe hat görnüşinde däl-de, eýsem, audio hem-de wideo görnüşlerde hödürlener.