Täjigistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmaga çagyrdy

Ykdysadyýet

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ugradan hatynda şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň bäşinji ýubileý konsultatiw duşuşygyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu hat Türkmenistanyň resmi metbugatynda çarşenbe güni çap edildi.

“Öňde boljak duşuşygyň sebit hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge hem-de biziň umumy öýümiz — Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnuklylygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynanýaryn” diýip, Täjigistanyň Prezidenti türkmen halkynyň Milli Liderine iberen hatynda belledi.

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, abadançylyk we üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi we Duşenbede boljak duşuşyga uly şatlyk bilen garaşýandygyny nygtady.

Şeýle hem 2023-nji ýylyň sentýabrynda Täjigistanyň paýtagtynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) esaslandyryjy döwletleriniň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi hem geçiriler.