Türkmenistan milli kanunçylygy BSG talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmegi öwrenýär

Ykdysadyýet

Aşgabatda Ýewropanyň howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) tarapyndan 2-3-nji dekabr aralygynda sanly ulgam arkaly gurnalan seminaryň barşynda Milli kanunçylygy Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) talaplaryna laýyk taýýarlamakda öňdebaryjy tejribeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, iki günlük çärä Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Daşary işler, Adalat, Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar, Maliýe we ykdysadyýet, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Döwlet gümrük gullugynyň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de beýleki ministrlikleriň we degişli edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Seminaryň dowamynda gruziýaly bilermenler halkara söwdany ilerletmek boýunça ileri tutulýan ugurlar bilen tanyşdyrdylar we BSG-nyň talaplaryna garadylar. Olar söwdada tehniki päsgelçilikleri aradan aýyrmak, oba hojalygynda we azyk önümlerinde tarif syýasaty, harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemek hem-de pagta söwdasy we içerki goldaw meseleleri boýunça maglumat berdiler.Şeýle-de intellektual eýeçilik hukuklary boýunça we BSG bilen möhüm ylalaşyklaryň, ýagny söwda işlerini ýönekeýleşdirmek hem-de fitosanitairýa meseleleri boýunça maglumatlar berildi.

ÝHHG-nyň Ministrler geňeşiniň “Netijeli dolandyryşy gowulandyrmak we baglanyşygy ýokarlandyrmak” boýunça çözgüdini nazara alyp, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor “ÝHHG-nyň bu borçnamasy Guramanyň ykdysady hyzmatdaşlygy, şol sanda ýurtlaryň ykdysadyýetiniň dünýä maliýe-ykdysady ulgamyna – ilkinji nobatda, BSG-na girmek arkaly goşulyşmagyna goldaw bermekdäki işine täze itergi berdi” diýdi.

MakGregor soňky bäş ýylda ÝHHG-nyň söwdany ýeňilleşdirmek, üznüksiz hem-de ygtybarly ulag we üstaşyr ýörelgelerini wagyz etmek ugrundaky işini ep-esli güýçlendirendigini nygtady.

Bu çäre ÝHHG-nyň Merkeziniň Türkmenistanyň hökümeti bilen söwdany we ulag pudagyny ösdürmek babatda hyzmatdaşlygynyň dowamydyr.

Türkmenistan 2020-nji ýylyň iýul aýynda BSG-na synçy döwlet hökmünde girdi. Şu ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda Türkmenistan BSG-na agza bolmak üçin resmi arzasyny tabşyrdy.