Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasyna gatnaşdy

Jemgyýet

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasyna gatnaşdy.

Daşary işler ministri Meredow şenbe güni sessiýada eden çykyşynda sebitleýin we global gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi.   

Türkmenistanyň halkara hukugyna we BMG-niň düzgünnamasyna dünýäniň häzirkizaman düzgünleriniň esasy hem-de döwletleriň arasyndaky ynanyşmagyň ýokary derejesine ýetmegiň şerti hökmünde seredýändigi aýdan Meredow durnukly ösüş meseleleri boýunça BMG bilen hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin geljege niýetlenendigini belledi.

Türkmenistanyň 2021-nji ýyly – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýany kabul etmek başlangyjy bilen çykyş edendigine ünsi çeken Meredow ilkinji gezek bu pikiriň Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda eden çykyşynda ýaňlanandygyny nygtady.

Degişli Rezolýusiýa Baş Assambleýa tarapyndan şu ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň 73 sany agza döwletleriniň awtordaşlygy netijesinde biragyzdan kabul edilipdi.          

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň işine gatnaşmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri aýratynlykda Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministri Şeýh Halid Bin Ahmed Bin Mohamed Al Halifa, BAE-niň Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlygy ministri Abdalla bin Zaýed Al Nahaýýan we Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministri Ýusuf bin Alaui bilen duşuşdy.

Bahreýniň Patyşasynyň şu ýylyň mart aýynda Aşgabada bolan döwlet saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşygynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, ýurtlaryň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi hakynda belläp geçdiler.

Ýusuf bin Alaui bilen Raşid Meredowyň arasyndaky duşuşykda nebit-gaz we nebit-himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hem-de Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman geçelgesiniň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň we BAE-niň DIM-leriniň arasynda geçirilen duşuşykda bolsa, diplomatlar Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Baş Konsullygynyň açylmagy iki ýurduň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlygyň görkezijisi bolup durýandygyny bellediler.

Şeýle-de taraplar Dubaý şäherinde geçiriljek EXPO-2020 Bütindünýa sergisiniň geçirilmeginiň meseleleri bilen bagly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň zerurlygynyň üstünde aýratyn durup geçdiler.